Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar- Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tamamlanan 2023-nji ýylyň möhüm waka beslenendigini bellemek gerek. Şu ýylyň soňky günlerinde döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eserini peşgeş berdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu kitabyň neşir edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Sebäbi bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky eýeleýän ornuna mynasyp baha berilýär.
2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrymagynyň aýratyn manysy bardyr. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan, 2024 ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýilip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” maksatnamasynyň sanawyna girizilmegi, Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy-bularyň ählisi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň şeýle-de edebiýatynyň dünýä ykrarnamsyna öwrülmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Täze — 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçer.