Biziň jemgyýetimiziň esasy baýlygy raýatlaryň saglygy, adam hakymda aladadyr. Bu boýunça Türkmenistanda uly taslamalar ýerine ýetirilýär. TGÝMJ- ti özüniň ýedi sany esasgoýujy ýörelgelerine laýyklykda, adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda olara gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegini öwretmäge çalyşýar. Jemgyýet öz ýörelgelerine esaslanyp, her bir adamyň maşgalasynda, işinde, gezelençde islendik ýerde betbagytçylyga uçran adamalara, ruhy kömegini bermek we lukmandan deslapky ilkinji kömek endiklerini öwretmek ýaly amaly okuwlary yzygiderli geçirýär.
Ýurdumyzyň gülläp ösmeginde ýadowsyz zähmet çekýän: Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň hünärmenleri, geçirilen amaly okuwa uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmaçylyk uniwerstitetiniň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň hünärmenleri bolsa «Sagdyn iýmitlenmek» barada çykyşlary bilen öz goşandyny goşdular.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň esasy maksady Lukmandan deslapky ilkinji kömek endiklerini öwretmek bilen, adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömegi dogry ýerine ýetirip biljek adamlaryň sanyny artdymak bolup durýar. Biziň jemgyýetimiz ýaş nesliň ýlymly-bilimli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi uçin, ýaşlaryň arasynda lukmandan deslapky ilkinji kömek amaly okuwlary yzygiderli geçirmegi dowam edýär.