Bu gün 7-nji aprel Bütündünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgäleri we meýletinçileri paýtagtyň “Ylham” seýilgähinde sport çäreleri gurnady.
Çäre ertirki maşk bilen başlanyp ona isleg bildirijiler hem goşulyp bilýädiler.
TGÝMJ-niň saglyk bölümüniň işgärleri tarapyndan saglyga degişli sorag-jogap alyşyldy.
Baýramyň meýilnamasynda TGÝMJ-niň işgärleri iki topara bölünüp olaryň arasynda bäsleşik guraldy. Bäsleşikde ylgaw we tigir sürmek ýaly ýaryşlar girizildi. Ýeňiji bolan topara we işjeň gatnaşan işgärlere baýraklar gowşuryldy.