BAŞ SAHYPA

Ýurduň günbatar sebetinde ýetleşýän TGÝMJ-ň 97 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäresini Balkan welaýatynyň ýerli taryhy we ülkäni öwreniş muzeÿinde geçirildi. Bu çärä welaýat bölüminiň işjeň işgärleri tarapyndan şäheriň mekdep okuwçylary we mugallymlary, jemgyýetiñ meÿletinçileri çagyryldy. Welaýat bölüminiň  işgärleri Gyzyl Haç we Gyzyl Ÿarymaÿ Hereketiniñ döredilişi, Türkmenistanda Gyzyl Ÿarymaÿ jemgyÿetiniñ 1926-njy ýylyň 26-njy martynda döredilip, şu güne çenli, ÿagny  97 ÿylyñ dowamynda alnyp barylÿan ynsanperwerlik we hemaÿatçylyk işi barada giñişleÿin gürrüň berildi. Çäräniñ dowamynda Balkan welaÿat ÿörite sungat mekdebiniñ ÿäş ussat dutarçy talyplaryñ Watanymyzy wasp edÿan aÿdym – sazlary ÿäñlandy.  Dabara gatnaşan myhmanlaryň şowly el çarpmalary bilen olarda ýagşy ýatlamalar galdy.  

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15579057
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13502
13503
360440
609071
15579057

Siziň IP: 18.118.119.77
2024-11-24