BAŞ SAHYPA

“Dünýäniň bar görki enedir, ene” diýlişi ýaly, gözel dünýämizi enesiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Her bir ynsanyň kalbyny yssy mähre çoýýan, mährem eneler Biribaryň ýaradan   iň beýik ynsanlarydyr.  

Häzir ata Watanymyzyň ähli sebitlerinde zenanlaryň hormat sarpasynyň arş deňine göterilýändiginiň mysalyna ýugrulan baýramçylykly dabaralar giň gerim alýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçiler tarpyndan 8-nji mart baýramyna bagyşlap “Eneler terbiýe mekdebidir” ady bilen duşuşyk çäresi geçirildi.

Ene-mamalarymyzdan bize nusga bolup gelýän el işleri barada tejribede öwrenildi. Mährem ene Ogulsapar enemiz halynyň dokalyşyny şeýle-de her bir gölüniň  rowaýaty barada gyzykly täsirli gürrüň berdi.

Biz hem Ogulsapar enä perzentleriniň bagtyna guwanyp, hemişe bagtyýar durmuşda ömür sürmegini arzuw edýäris. Goý, nurana keşpleri, süýji sözleri bilen owadan dünýämizi bezeýän mähriban enelerimiziň ömürlerine ömür goşulsyn.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16068911
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10972
15929
419306
430988
16068911

Siziň IP: 3.139.79.187
2024-12-27