BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň ýerli wekili Ereş Orunowyň saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde  harby bölümlerde , Darganata, Dänew we Çarjew etraplarynyň harby wekilliginde geçiren çäreleri sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlandy. Olara harby edaralaryň şahsy düzümleri gatnaşdylar.

Çärelerde çilimiň, nasyň we spirtli içgileriň ynsan saglygyna edýän zyýanly täsiri barada giňişleýin gürrüň berildi. Lukmanlar şeýle ýaramaz endikleriň ýürek, gan, damar, öýken bilen baglanyşykly dürli kesellere getirip bilýändigi barada anyk maglumatlara salgylanyp, gürrüň berdiler. Şonuň üçin hem, şeýle endiklerden daşda durmalydygyny ündediler. Bedenterbiýäniň we sportuň adamyň saglygyna, onuň ömrüniň uzalmagyna we uzak wagtlap işjeň ýagdaýynyň saklanmagyna kömek edýändigini düşündirdiler. Şonda olar çärä gatnaşanlaryň ünsüni sagdyn adamdan sagdyn nesiliň dünýä inýändigine, olar bolsa ýurduň geljegidir.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15569608
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4053
13503
350991
609071
15569608

Siziň IP: 3.142.124.119
2024-11-24