BAŞ SAHYPA

2026-njy ýylyň 5 – 7-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaýlar (AÝ) ýüze çykanda ilatyň goraglylygy we çäre gөrmek mümkinçiliklerini berkitmäge bagyşlanan amaly okuw maslahaty geçirildi. Çäre esasy halkara guramalarynyň – ÝUNISEF, BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarynyň Basgarmasy (ÝUNIKB), ÝUNFPA hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GÝJHF) bilelikdäki hyzmatdaşlygynda geçirildi.

Geçirilen okuwyň esasy maksady ynsanperwerlik ýörelgeleri, döwrebap gorag standartlary we çykkgynsyz ýagdaýda köp pudaklaýyn çäre görmegiň amaly mehanizmleri barada bir meňzeş düşünjäni emele getirmekden ybarat boldy. Seminaryň çäginde hünärmenler iň ejiz toparyň, esasan hem çagalaryň goragyna we AÝ şertlerinde ýörite töwekgelçilikleriň öňüni almaga aýratyn üns berdiler.

Esasy netijeler we iş ugurlary:

  • Ynsanperwerlik standartlary: Gatnaşyjy krizisleriň netijelerini aradan aýyrmakda коpçülikleýin howpsuzlygy, adam hukuklaryny we halkara kadalaryny berjaý etmek boýunça borçnamalary jikme-jik öwrendiler.
  • Çagalaryň we ejiz toparlaryň goragy: Okuw maslahaty AÝ şertlerinde zorlulygyň, maşgalalardan dargamagnyň öňüni almak we çagalara psihologik taýdan goldaw bermek hödürlendi.
  • Edaralary özara utgaşdyrma: Ýerli edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilleri maglumatlary gyssagly özara alnyp çalşmakda we bilelikde hereket etmek usullaryny amala aşyrdylar.
  • Amaly başarnyklar: Geçirilen okuw-amaly türgenleşikleriň dowamynda diňleýjiler dürli döräp biläýjek tebigy betbagtçylyklar ýagdaýlary boýunça iş algoritmik çärelerini berkitdiler.

Bu okuw maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň ähli ilat gatlaklarynyň ygtybarly goragyny üpjün etmek bilen, tebigy betbagtçylyklara we krizis ýagdaýlaryna milli taýýarlyk ulgamyny berkitmekde möhüm ädim boldy.

  

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23937796
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5320
13448
182322
414784
23937796

Siziň IP: 216.73.217.59
2026-08-16

Связь с нами