BAŞ SAHYPA

Her ýylyň 19-njy awgustynda dünýä bileleşigi tarapyndan ýaragly dawa-jenjellerden, tebigy betbagtçylyklardan, ýokanç kesellerden we beýleki adatdan daşary ýagdaýlardan ejir çeken adamlara kömek edýän ynsanperwer işgärleriň hormatyna Bütindünýä ynsanperwer kömek gününi bellenýär.

 

Bu gün - ynsanperwerligiň, raýdaşlygyň we birek-birege goldaw bermegiň ähmiýetini ýatladýar hem-de öz gulluk borjuny ýerine ýetiren wagtynda wepat bolan ynsanperwer işgärleriň hatyrasyna bagyşlanýar.

 

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň agzasy hökmünde ilatyň iň goraga mätäç toparlaryna ynsanperwer kömegini bermäge, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy pugtalandyrmaga, Halkara ynsanperwer hukugyny ilerletmäge, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuwlary geçirmäge we beýleki ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmäge öz goşandyny goşýar.

 

Şunyň bilen mynasybetli, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup mätäç adamlara goldaw berýän ähli işgärlere, meýletinçilere we hyzmatdaşlara tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

 

Bütindünýä ynsanperwer kömek güni - her bir edilen ýagşy işiň başga bir adamyň durmuşynda uly özgeriş döredip biljekdigini hemmämize ýene bir gezek ýatladýarys!

  

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23997972
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6824
15232
242498
414784
23997972

Siziň IP: 216.73.216.246
2026-08-20

Связь с нами