BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň Boldumsaz etrap wekili tarapyndan Boldumsaz etrabynyň çagalar bakja bagynyň körpeleriniň arasynda «Ýangyn howpsuzlygynyň öňüni almak» mowzugy boýunça düşündiriş işleri geçirildi. Çäräniň dowamynda çagalara ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti, oda we ot çeşmelerine seresaply çemeleşmegiň zerurdygy barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem körpelere kükürt we beýleki ot ýakýan serişdeler bilen oýnamagyň örän howpludygy, munuň ýangyn we betbagtçylykly hadysalara sebäp bolup biljekdigi düşündirildi. Duşuşygyň dowamynda çagalar ýangyn howpsuzlygy bilen bagly düzgünler bilen tanyşdyryldy we howply ýagdaýlarda uly ýaşlylara habar bermegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle çäreler ýaş nesilde howpsuzlyk medeniýetini kemala getirmäge, olarda jogapkärçilik duýgusyny ösdürmäge we betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almaga ýardam berýär.

  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23827344
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10118
7381
71870
414784
23827344

Siziň IP: 216.73.216.245
2026-08-07

Связь с нами