BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň etrap wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmegi barada wagyz-nesihat we düşündiriş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ugurlarda gazanýan beýik üstünlikleri, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew atly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän giň gerimli işler barada giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet dolandyryş ulgamyndaky möhüm orny, milli demokratiýanyň we halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasy hökmünde ýurduň ösüşinde eýeleýän ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi. Halk Maslahatynda kabul edilýän taryhy çözgütleriň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigi bellenildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýandygy, bu şanly senäniň milli agzybirligimiziň, parahatçylygyň we döredijilikli ösüş ýolunyň dabaralanmasy bolup durýandygy nygtaldy. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler, halk bähbitli döwlet syýasaty hem-de asuda we bagtyýar durmuşy döretmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

  

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
24324359
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4612
20475
150266
418619
24324359

Siziň IP: 216.73.216.156
2026-09-10

Связь с нами