BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň Garaşsyzlyk etrap wekili tarapyndan, Garaşsyzlyk etrabynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda okuwçylara köçe-ýol hereketiniň esasy düzgünleri, pyýadalaryň we ýol hereketine gatnaşyjylaryň berjaý etmeli howpsuzlyk çäreleri barada giňişleýin düşündirişler berildi. Şeýle hem okuwçylara ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegiň, köçeden bellenilen ýerlerden geçmegiň we ýol belgilerine üns bermegiň ähmiýeti düşündirildi. Duşuşygyň dowamynda okuwçylaryň soraglaryna jogap berildi hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde her bir adamyň jogapkärçiligi barada söhbetdeşlik geçirildi. Şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi ýaş nesliň ýol hereketiniň düzgünleri baradaky düşünjelerini artdyrmaga, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge we köçe-ýol hadysalarynyň öňüni almaga uly ähmiýet berýär.

  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
24323838
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4091
20475
149745
418619
24323838

Siziň IP: 216.73.216.156
2026-09-10

Связь с нами