BAŞ SAHYPA

Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanjak “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem şeýle ykbal özgerdiji beýik tutumlaryň üstünliklere beslenmegi munuň buýsançly subutnamalarydyr. Şunuň ýaly taryhy özgertmeleriň eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gazanjak köptaraply üstünlikleriniň, eýelejek belent sepgitleriniň gözbaşy bolup hyzmat etjekdigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýlap alan rowana ak ýoly bilen röwşen geljegine tarap okgunly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde durmuşa geçirilýän hem-de bagtyýar geljegimizi nazarlaýan, ylmy esaslandyrmalara daýanýan, merdana halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen şunuň ýaly beýik tutumlar biziň her birimizi diýseň begendirýär, guwandyrýar. Şeýle taryhy wakalara baý ajaýyp zamanada biz hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň  gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň meýletinçileri bilen bilelikde halk jöpçüliginiň arasynda Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleri, ösüşleri, Halk maslahatynyň geçiriljek dabaraly günleri barada yzgyderli wagyz-nesihat çärelerini geçirilip durýarys. Sebäbi biz Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämiziň çäklerinde amala aşyrylýan şeýle öňdengörüjilikli tutumlaryň her biriniň düýp özeninde özümiziň bagtyýar durmuşymyzy görýäris. Şonuň üçinem biz özümiziň abadan şu günümiz, röwşen geljegimiz barada döwlet derejesinde dünýä nusgalyk aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerimizi aýdýarys.Ýurt Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň ägirt uly şert-mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanyp, berkarar Watanymyzy ösüşleriň täze derejelerine ýetirmekde hem-de türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde alyp barýan ägirt uly taryhy tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

  

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Sentyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
24651580
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12479
19719
477487
418619
24651580

Siziň IP: 216.73.216.28
2026-09-25

Связь с нами