BAŞ SAHYPA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsanperwerlik, mähir-şepagat we halal zähmet iň ýokary gymmatlyklara öwrüldi. Şeýle bagtyýar döwürde ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize peýda getirmek we ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmak ugrunda zähmet çekmek uly mertebedir.

Men, Ogulhally Badaýewa, öz zähmet ýolumu Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen baglap, köp ýyllaryň dowamynda halkymyzyň bähbidine hyzmat edip gelýärin. Biziň jemgyýetimiziň her bir işi ynsanperwerlige, goldawa we adamlara kömek elini uzatmaga gönükdirilendir. Edýän işlerimiziň halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanmagy we döwletimiz tarapyndan goldanylmagy bize hemişe täze güýç we galkynyş berýär.

Düýn meniň durmuşymda iň ýatda galyjy we buýsançly günleriň biri boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen meniň çeken azajyk zähmetime ýokary baha berlip, «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldym. Bu mertebeli sylag diňe bir meniň däl, eýsem, agzybir we zähmetsöýer Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň tutuş agzalarynyň, biziň uly toparymyzyň çeken bilelikdäki zähmetiniň ýokary sarpasydyr.

Döwlet sylagyny döşüme dakynan pursadymda kalbymy gurşan şatlygy, Watanyma we halkyma bolan wepalylyk duýgusyny söz bilen beýan etmek kyn. Bu medal meni mundan beýläk-de has tutanýerli zähmet çekmäge, halkymyzyň saglygy we abadançylygy ugrunda jançekerli hyzmat etmäge ruhlandyrýar.

Bize şeýle bagtyýar döwürde ýaşap, halal zähmet çekmäge we zähmetimiziň hözirini görmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygymy we iň hoşniýetli arzuwlarymy bildirýärin! Watana bolan söýgimiz hemişe amallarymyzda dabaralansyn!

 

Ogulhally BADAÝEWA,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni.

  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Sentyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
24651565
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12464
19719
477472
418619
24651565

Siziň IP: 216.73.216.28
2026-09-25

Связь с нами