BAŞ SAHYPA

2026-njy ỳylyñ awgust aýynda  Balkanabat şäheriniň  “Serbi” çagalar bagynda, Bereket etrabynyň  tikinçilik fabriginde, Türkmenbaşy, Etrek etraplarynda  Türkmenistan döwletimiziñ şanly Garaşsyzlyk baỳramynyñ  ỳetip gelỳan 35 ỳylygy mynasybetli çäreler geçirildi. Çärede çykyş edenler  TGÝMJ-iň alyp  barýan işleri  onuň ugurlary barada giňişleýin aýdyp  berdiler. Şeýle-de howanyň uýtgemegi bilen bagly yssy  howada özüňi  alyp  barmagyň endikleri  barada giňişleýin  maslahat berdiler. Olara Garaşsyzlyk ỳyllarynda ỳetilen belent sepgitler  hemde geçiriljek Halk Maslahatynda halkymyzyñ geljegi üçin ỳaşaỳỳş durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen  geçirilýän  çäreler barada görülýän  täýynlyklar  barada aýdylyp  geçildi.

  

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
23827429
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10203
7381
71955
414784
23827429

Siziň IP: 216.73.216.245
2026-08-07

Связь с нами