BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetini Aşgabat şäheriniň meýletinçileri maýyp çagalara we  az üpjünçilikli maşgalalaryň çagalary  üçin  Täze ýyl baýramçylyk sahnasyny gurnadylar.

Çagalar üçin degişme sahnasy –  taýýarlandy. Sahnalaryň dowamynda göwün açýan bäsleşikler guraldy,  "topy sebete sal", "pazzly  ýygnamak", we esasan hem "çalt tans etmek" oýunlary çagalara örän ýarady. Oýunlar   tamamlanandan soň, çagalar meýletinçiler bilen bilelikde kagyzdan edilen Täze ýyl oýunjaklary bilen arçany bezediler.  Aýaz Baba we onuň kömekçileri çagalara täze  ýyl sowgatlaryny gowşurdylar. Bu baýramçylygyň iň ajaýyp pursady boldy, çagalaryň  her biri öz garaşylan sowgadyny aldy.

Bu çäre çagalar üçin hakyky Täze ýyl baýramçylygyny döretmäge mümkinçilik berdi. Meýletinçileriň çagalara diňe bir oýun we bäsleşiklerden diňe  bir   şatlyk däl, eýsem, şol aýratyn günde bagtly pursatlary hem sowgat berendigine umyt edýäris.

           

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16398231
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10170
13929
271927
476699
16398231

Siziň IP: 18.224.62.198
2025-01-30