Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri 2023-nji ýylyň mart aýynda Watany gülläp öwüsýän ýurda öwürmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň çäginde başlanan täze başlangyç möwsümine gatnaşdy. Türkmen raýatlarynyň hemmesiniň gatnaşýan köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak çäresi Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramynyň öňisyrasynda däbe öwrüldi.
Türkmensitanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we pudak edaralary tarapyndan ekilen nahallary gelejekde çagalarymyzyň oýnajak gülli bag-bakjalygyna öwrüler ýaly ekin işleri geçirildi.