BAŞ SAHYPA

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagymyz ýaşlar barada edýän atalyk aladasyndan ugur alyp TGÝMJ-niň welaýat bölümleriniň işgärleri we meýletinçileri welaýat derejelerinde dürli sport çärelerini geçirýärler. TGÝMJ-niň “Meniň ajaýyp Watanym Türkmenistan” taslamanyň çäginde bu geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin 2017-nji ýylyň awgust aýynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryna iş saparlary ýerine ýetirildi. TGÝMJ-niň welaýat bölümleriniň meýletinçileriniň gatnaşmagynda, çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezilerinde mekdep okuwçylaryň arasynda sportuň ýeňil atletika, futbol, küşt we estafetalar ýaly görnüşlerinden çäreler geçirildi. Her welaýatda çäräniň birinji güni mekdep okuwçylaryň arasynda toparlaýyn bäsleşik geçirildi, geçirilen bäsleşikde öňe saýlananlar 1,2 we 3-nji orunlary hukuk gazandylar. Çäreleriň ikinji güni okuwçylar 1,2 we 3-nji orunlary eýelän okuwçylar özara bäsleşdiler. Çärä gatnaşanlaryň arasynda ýeňiji bolan okuwçylara TGÝMJ-ti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar berildi we ýädigärlik surata düşürildi.
    Şeýle hem, 2017-nji ýylyň awgust aýynyň dowamynda Ahal Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda guramaçylyk bölüminiň türgenleriniň hem-de meýletinçileriň gatnaşmagynda mekdep okuwçylaryň arasynda, TGÝMJ-niň alyp barýan işleri, Aşgabat şäherinde geçiriljek yapyk binalarda hem-de söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň endikleri we adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň endikleri boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapaklarynyň dowamynda simulasiýalar arkaly görkeziş çäräleri gurnaldy. Çärelere gatnaşanlaryň arasynda has işjeňlik görkezen okuwçylara TGÝMJ-ti tarapyndan sowgatlar berildi we ýädigärlik surata düşüldi. TGÝMJ-ti bilen Türkiýanyň Gyzyl Aýynyň bilelikde amala aşyrýan Meniň ajaýyp Watanym Türkmenistan” atly taslamasynyň çäginde çykarylan logotipli futbolkalar we maglumat beriş kitapçalary paýlanyldy.
    Pursatdan peýdalanyp, Biz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri Türkmenistan ýurdumyzda çagalaryň, ýaşlaryň erkin bilim almagy üçin gije –gündiz dyngysyz alada edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmyda rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15574871
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9316
13503
356254
609071
15574871

Siziň IP: 3.16.76.102
2024-11-24