TGYMJ hereket edyän “Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasynyň çaginde tasalamanyň işgärleri we BMG (Birleşen Milletler Guramasynyň) wekili bilen bilen bilelikde Ahal, Mary, Lebap, Balkan, Daşoguz welaýatlarynyň daşky etraplarynda ýaşaýan, dermana durnukly inçekeselli näsaglar bilen gözegçilik duşuşygy geçirildi we taslamanyň welaýat bölümlerinde işleýan işgärleri bilen duşuşyldy olaryň alyp barýan resminamalaryna gözegçilik edildi.
“Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasynyň gerimi Lebap welaýatynyň Birata, Köýtendag, Magdanly etraplaryna, Ahal welaýatynyň Baharly, Babadaýhan etraplaryna, Mary welaýatynyň Tagtabazar, Garagum etraplaryna, Balkan welaýatynyň Esenguly, Ertek, Turkmenbaşy etraplaryna, Daşoguz welaýatynyň Koneürgenç, Türkmenbaşy etraplaryna hem giňeldildi. Ol etraplarda dünýa tejribesinde üstünlikli netijeleriň görkezjisi bolan, ýagny bejergi alýan dermana durnukly inçekeselli näsaglara, olaryň hossarlaryna ruhy goldaw bermek we bejergini tamamlar ýaly Turkmenistanyň ahli kunjeklerinde ýokanç kesellere garşy ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek maksady bilen, goşmaça şepagat uýalary işe alyndy, bu bolsa ynsan saglygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine götermek, ýurdumyzda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ony ösen döwletleriň derejesine götermek ýaly maksatlary öňde goýýan “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmyşa ornaşdyrylmagyna TGYMJ-niň goşýan goşandydyr.