BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Yarymaý Jemgyýetiniň wekilleri 2025-nji ýylyň 4–5 awgust aralygynda Awazada (Türkmenistan) geçirilen  BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarynyň 3-nji maslahatynyň çäklerinde geçirilen raýat jemgyýeti forumyna gatnaşdy. Bu çäre tejribe alyşmak we häzirki ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ynsanperwer hyzmatdaşlygy we döwlet edaralary, halkara guramalary we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin meýdança öwrüldi. Forumda dürli ýurtlaryň wekilleri saglygy goraýyş,durmuş üpjünçilik goldawy we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk pudagynda durmuşa geçirilýän başlangyçlar barada tejribe we pikir alyşdylar, şeýle hem jemgyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň  möhümdigini  belläp geçdiler.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
19184005
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10269
11084
161832
303520
19184005

Siziň IP: 216.73.216.191
2025-08-24