BAŞ SAHYPA

     Men Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçisi Muhammetnazar Rahmanow. Häzirki döwürde Aşgabat şäheri boýunça biz 155 sany ýaş meýletinçiler bolup, öz öwredilen ugurlarymyza laýyklykda, TGÝMJ-niň gündelik işine işjeň gatnaşýarys. Biziň alyp barýan işlerimiz, kömege mätäç bolan adamlara, eklenjini ýitiren maşgalalardaky çagalara ähli taraplaýyn hemaýat etmek. Mundan başga-da, Biz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri 2017-nji ýylyň 17 sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýän “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna” meýletinçi hökmünde gatnaşmaga mynasyp bolduk. Bu oýunlara meýletinçi hökmünde gatnaşmak bäsleşiginden geçmäge bize, TGÝMJ-de yzygiderli, gyzykly okuwlary geçendigimiz uly kömek etdi. Olaryň biri hem, “Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri” boýunça okuwlar. Okuwlaryň dowamynda biz ejir çeken adamlara lukmana çenli kömegiň bermegiň usullaryny häzirki zaman okuw manekenlerinde tejribe okuwlaryň üsti bilen owrendik. TGÝMJ-de, biz meýletinçiler giň okuw tejribesini aldyk we gelejekki “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda” öz işlerimiz bilen mynasyp goşant goşjakdygymyzy ynandyrýarys.

             

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15573504
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7949
13503
354887
609071
15573504

Siziň IP: 18.218.2.191
2024-11-24