BAŞ SAHYPA

     2017-nji ýylyň iýul aýynyň 25-30-y aralygynda Belorussiýanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň tarapyndan gurnanylan 6-njy halkara adadtdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak boýunça tomusky mekdebine TGÝMJ-niň wekilleri Şyhkuliýew Wepamyrat we Babaýew Rustam gatnaşdylar. Ilkinji iki günüň dowamynda gatnaşyjylar 24-sagatlyk okuw türgenleşikde ulanyp biljek bilimleri hem-de endikleri öwrendiler. Olaryň içinde: tokaýda ýiten adamyny tapmak, adamlary suwda halas etmek, ulag helakçiliginde zyýan çeken adamlary halas etmek we beýleki mowzuklardan ybarat boldy. TGÝMJ-niň wekilleri tomusky mekdebi üstünlikli tamamladylar. Okuwyň jemi jemlenende Belorussiýanyň Gyzyl Hajy bu okuwyň geçirilmegine goşant goşan Milli jemgyýetlere, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine minnetdarlygyny aýdyp, gelejekde şeýle çäreleriň halkara derejesinde ýygy-ýygydan geçirilmeginiň wajypdygyny belläp geçdiler. Jemi Halkara tomusky mekdebine 10 Milli jemgyýetlerden 120 golaý adam gatnaşdy.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15574798
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9243
13503
356181
609071
15574798

Siziň IP: 3.137.159.134
2024-11-24