Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşleri nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda adam we onuň saglygy barada döwletli işler alnyp barylýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletinimiziň raýatlarynyň bedeniniň berk, ömür dowamatynyň uzak bolmagy, saglygyny berkitmekleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde iň häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, keseli anyklaýyş, ”Ene mähri”merkezleri, dynç alyş öýleri, bagy-bossanly, dürli suw çüwdürimli seýilgähler guruldy. Olar bagtyýar çagalaryň sagdyn ösmegine, kemala gelmegine, saglyklaryny gorap saklamaga, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikler döredýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda bedenterbiýe we sport dolulygyna kämilleşdirildi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Gyşky oýunlar sport toplumy, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça merkez, Olimpiýa sport toplumy guruldy we ulanmaga berildi. Aşgabat sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit derejesinde abraýly ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Gözel paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigi ýurdumyza belent mertebe getiren waka bolup, eziz diýarymyzyň sporty sagdynlygyň gözbaşy, halkara hyzmatdaşlygyň we dostlugyň ilçisi hasaplaýandygyny tassyklaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň aýdyň miwesi bolup durýan V Aziýa oýunlaryny geçirmekde Türkmenıstanyň Gyzyl Yarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan Aşgabat şӓherınıň we welaýat bölümlerinde meýletinçileri taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Merkez meýletinçileri başarnyklary boýunça, ýerine ýetiriji komitetiň çärelerine we synag ýaryşlaryna gatnaşanlarynda alnan jemleýji bahalaryna laýyklykda saýlap-seçip alýar. Jemleýji bahalaryň netijelerine görä, merkez işgärleri meýletinçileri derejelendirmäniň netijesinde, Merkez tarapyndan maslahat berilýän oýunlara gatnaşyp biljek meýletinçileriň sanawy düzülýär.Bu sanaw ýerine ýetiriji komitete tassyklanmak üçin ugradylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy barada çuňňur aladalanýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek ,sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň: ”Biziň borjumyz we ilkinji nobatdaky wezipämiz sport hem-de olimpiýa hereketini höweslendirmekden we ösdürmekden, oňa ýaşlary işjeň çekmekden, türkmenistanlylarda çagalykdan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi döretmekden, zähmet endiklerini kemala getirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasyny düzýän gymmatlyklary ykrar etmekden ybaratdyr” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda sagdynlygy wagyz etmek, ony jemgyýetimize ornaşdyrmak, raýatlarymyzy bedenterbiýe we köpçülikleýin sporta çekmäge, ösüp gelýän ýaş nesli sporta we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek işleri giň gerim alýar.
Goý, halkymyzy aýdyň, eşretli geljege alyp barýan mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň psihology Bahar Baýramowa.