BAŞ SAHYPA

Adamzat, öňegidişligiň gazananlaryna garamazdan, häzirki güne çenli tebigat kanunlaryny özüne tabyn edip bilmeýär. Jemgyýet nähili taýýarlykly bolsa hem, tebigy hadysalar  pidasyz mümkin däl. Şeýle tebigy hadysalaryň iň elhençleriniň biri hem ýer titremesidir. Ol duýdansyz gelýär we yzynda ölüm, ýitgi hasratyny galdyryp, adamlaryň, şäherleriň durmuşyny weýran edýär.

Ýaňy-ýakynda bu elhenç betbagtçylyk Türkiýe we Siriýa döwletlerini sarsdy. Birbada birnäçe regionlarda bolan ýertitremesi şäherleriň infrastrukturasyny çökerdi, adamlaryň durmuşyny weýran etdi.

Bu betbagtçylyk hiç kimi  biperwaý goýmady, ençeme  adamlary bir ara getirdi we birikdirdi. Döwletler biri-birinden galman, Türkiýanyň, Siriýanyň ejir çeken regionlaryna ynsanperwerlik kömegini ýolladylar we häzirki güne çenli hem bu iş dowam edýär.

Türkmenistan hem bu kyn döwürde gyrada durman, ejir çekinlere zerur bolan zatlary yzygider iberip dur. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat şahamçasy hem ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegine öz goşandyny goşdy. Şahamçanyň işgärleri we meýletinçiler, gije-gündiz diýmän, ynsanperwerlik kömegini ýygnadylar. Ýerli ýaşaýjylar bolsa iň zerur bolan zatlary getirdiler (ýyly egin-eşikler, azyk önümleri, sanitariýa-gigiýena serişdeleri), olaryň ýerlenmegine we ýüklenmegine işjeň gatnaşdylar.

Ýokarda aýdylanlar bu aýylganç tebigy hadysanyň netijelerini diňe agzybirlikde, birigip ýeňip boljakdagyny aýdyň subut edýär.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16009575
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
22876
15721
359970
430988
16009575

Siziň IP: 3.144.28.90
2024-12-23