Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Gökderedäki, Awazadaky we sebitlerdäki körpe nesilleriň çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyşlaryny has-da şatlyk-şowhuna beslemek dowam edýär . Körpeler üçin bagtyýar durmuşyň üpjün edilmegi, olaryň zehinlerini we ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň üns merkezlerinde saklanýar. Häzirki günlerde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen merkezler dostlugyň, sportuň hem-de sagdynlygyň mekanyna öwrülýär. Çagalaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikler özboluşly many-mazmuna eýe bolýar.
Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde bu künjekde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi. Bellenen şertlerdir düzgünleriň esasynda, ýetginjekler ýangyna garşy göreşmek boýunça ukyplaryny bäş tapgyrda görkezdiler. Olar dürli päsgelçiliklerden ylgap geçmekde, ýangyn suw pürküji guraly suw geçirijä birikdirip hem-de aýryp, ylgawy dowam etdirmekde, pökgüleri nyşananyň içine düşürmekde, ýangyn söndüriji enjamlary dogry ulanmakda, emeli ýangyna garşy göreşmegiň düzgünini kadaly ýerine ýetirmekde ýaryşdylar.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, bäsleşikde birinji orny « Çynar » çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň topary eýelemegi başardy. Ikinji we üçünji orunlara degişlilikde « Altyn damja » we «Beýik Serdar Nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň toparlary mynasyp boldular.
Çekeleşikli geçen bäsleşik Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramaklarynda geçirildi.
Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara guramaçylar tarapyndan diplomlar, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ýeri gelende bellesek, döwrebap dynç almak üçin ähli amatlyklary öz içine alýan “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde häzirki wagtda 500-e golaý körpeler wagtlaryny hoş geçirýärler. Bu ýerdäki çagalaryň şadyýan ýaňlanýan sesleri bagtyýar çagalyk üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza özboluşly hoşallykdyr.