BAŞ SAHYPA

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Ýaşlar merkeziniň meýletinçileriniň gatnaşmagynda Daşoguz şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýan ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda  “Ilkinji kömek ynsan saglygynyň diregi” ady bilen ilkinji kömegiň beriş usullary barada okuw sapagy geçirildi.

Çäräniň dowamynda ýanykda we beýleki ýagdaýlarda ilkinji likmançylyk kömegini bermek barada okwçylara giňişleýin düşündirilip, durmuşda duş gelýän dürli hadysalar, gaýragoýulmasyz ýagdaýlar barada düşünje berdiler we okuw sapagynyň maksadyny açyp görkezdiler.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16019520
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9742
23079
369915
430988
16019520

Siziň IP: 18.223.159.143
2024-12-24