BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat Tagtabazar etrap bölüminiň işinde ileri tutulýan ugurlaryň biri-de maglumat ulgamydyr. Onuň bäş wezipesi: ilata Gyzyl Haç Hereketi we Jemgyýetiň işleri barada doly maglumaty bermek, onuň abraýyny hem-de beýleki guramalary we daşarky hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak, Gyzyl Ýarymaýyň işleri hakyndaky maglumatlary ilkinji nobatda ilatyň mätäçlik çekýän gatlagyna ýetirmek, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy hadysalarda heläkçilige duçar bolanlara tiz kömek bermek üçin degişli edaralara habar bermekdir. Meýletinçiler hereketi – Gyzyl Haç Hereketiniň berk binýadydyr. Meýletinçiler bolsa – ähli Milli jemgyýetleriň, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaýyň işiniň esasy hereketlendiriji güýjidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Jemgyýetiň meýletinçileri bar. Şäherde, welaýatlarda, etraplarda, obalarda ýüzlerçe meýletinçiler zähmet çekýär, olar ak göwünli we meýletinlik bilen öz güýjini we wagtyny mätäçlik çekýän adamlara sarp edýärler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16031725
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6097
15850
382120
430988
16031725

Siziň IP: 3.137.200.139
2024-12-25