Habarlar

Türkmen halkynda Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz günini umumadamzat medeniýetiniň dürdäne gymmatlyklary, baýramçylygyň täsin däpleri, onuň bilen bagly edebi eserleri, halk oýunlary, bereketli türkmen topragy, myhmansöýer halky, toý saçagynyň bezegi bolan milli tagamlary we ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Nowruzyň tebigat bilen baglylygy ony adamzat gymmatlygyna öwürýär. Nowruz baýramy gadymy döwürlerden bäri bellenilýän baýramlaryň biri. Ol güneşli howanyň we baharyň gelmegini alamatlandyrýar.Täze başlangyçlaryň wagtyny aňladýar. Şeýle ajaýyp pursatda size we maşgalaňyza asudalyk we abadanlyk arzuw edýärin. Geliň, bilelikde Nowruz baýramyny belläliň, birek-birege kömek edeliň we hoşniýetli bolalyň!

Halkymyzyň ajaýyp toýy–baýramçylyklaryny şatlyk–şowhun bilen bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdýarys.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

 

 

Mart 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
24 25 26 27 28 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
17152330
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
321
16433
313914
419489
17152330

Siziň IP: 3.15.209.38
2025-03-21