Halkara zenanlar gününi her ýyl baýram etmek öňden gelýän däpleriň birine öwrüldi. 1975-nji ýylyň mart aýyndan bäri BMG-de “Halkara aýallar güni” bellenilip geçilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 8-nji mart Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň gelin-gyzlaryna pul sowgadyny bermek hakynda buýruga gol çekdi. Şol mynasybetli
2025-nji ýylyň mart aýynyň 6-na TGÝMJ-de zähmet çekýän gelin-gyzlara Hormatly Prezidentimiziň pul baýragyny dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle buýsanjyň eýeleri bolan zenanlarymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir.
Milli gylyk-häsiýetleri özinde jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgisini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyz, mylakatly, dilleri senaly enelermiz, bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyz ajaýyp baýramyňyz gutly bolsun!