Habarlar

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň  Ýewropa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy hanym Biržit Bişof  Ebbesen we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy hanym Sewal Güzelkilinç 2025-nji ýylyň 11-nji martynda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminde iş saparynda boldular.  Bu sapar netijeli bolup, möhüm duşuşyklary, pikir alyşmalary hem-de sebitde amala aşyrylýan ynsanperwer başlangyçlary öz içine aldy. Günüň birinji ýarymynda myhmanlar welaýat bölüminiň işgärleri bilen duşuşdylar we bölümiň alyp barýan esasy iş ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Olar ejiz toparlara ynsanperwerlik kömegini bermek, durmuş goldaw maksatnamalary hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda görülýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berdiler.     Günüň ikinji ýarymynda welaýat bölüminiň meýletinçileri, hyzmatdaşlary we işjeň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Meýletinçiler alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Myhmanlar meýletinçileriň ynsanperwerlik işlerine goşýan goşantlaryna ýokary baha berdiler we adatdan daşary ýagdaýlara çalt seslenmek ulgamyny ösdürmekdäki ornuny belläp geçdiler. Şeýle hem welaýat bölüminiň hyzmatdaşlary çykyş edip, olar hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan taslamalar barada maglumat berdiler.                                             

        Resmi duşuşyklardan soňra, welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri sergi gurnadylar. Sergide adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ulanylýan ähli enjamlar görkezilip, çadyrlar guruldy we jemgyýetiň alyp barýan işleri barada maglumat beriji synlamalar görkezildi.  Aýratyn üns berlen çäreleriň biri-de ilkinji kömek boýunça amaly okuw sapaklary boldy. Gatnaşyjylar  adatdan daşary ýagdaýlarda dogry hereket etmegiň düzgünleri bilen tanyş boldular we tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda bu endikleri amaly taýdan öwrenmek mümkinçiligine eýe boldular. Hanym Biržit Bişof  Ebbesen we hanym Sewal Güzelkilinç welaýatdaky işleriň ýokary guramaçylyk derejesini belläp öz minnetdarlyklaryny bildirdiler. Olar bu saparyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we sebitde ynsanperwer maksatnamalary ösdürmek ugrunda möhüm ädim bolandygyny nygtadylar.

 

 

 

 

 

 

 

 

Mart 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
24 25 26 27 28 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
17091379
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12741
14577
252963
419489
17091379

Siziň IP: 18.224.37.168
2025-03-16