Habarlar

Şu gün 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýatyndaky bölüminde jemgyýetiň alyp barýan köp taraply iş ugurlary bilen ýakyndan tanyşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikdäki ylalaşygy esasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Syýasy-ykdysady bölüminiň işgäri Loren Laskowski geldi.

Adatdan daşary tebigy betbagtçylyklaryň bolan ýagdaýynda ilaty durmuş taýdan goramaklygyň esaslaryny berkitmek boýunça jemgyýetiň işini kämilleşdirmek bilen bagly işler alynyp barylýandygy, bu ugurda hemme taraplaýyn Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle-de ähli  edara-guramalar bilen köp taraply işler boýunça ysnyşykly işleşýändigini, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak ugrunda Milli Jemgyýetimiziň agzalary we meýletinçileri bilen birnäçe guramaçylykly çäreleri, duşuşyklary, wagyz-ündew işleriniň geçirilýändigi hakynda giňişleýin  gürrüň berdi.

 

 

 

 

 

 

16980893
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13136
18463
142477
419489
16980893

Siziň IP: 3.134.114.192
2025-03-09