Habarlar

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri 2025-nji ýylyň 14-nji martynda Daşoguz welaýatrynyň taryhy we ülkäni öwreniş  muzeýinde  Daşoguz şäheriniň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda ajaýyp we ruhlandyryjy surat bäsleşigini gurnadylar. Bu çäre bahary, täzelenmegi we agzybirligi alamatlandyrýan Nowruz baýramyna bagyşlandy. Ýaş suratkeşler baharyň joşgunyny, tebigatyň oýanşyny we baýramçylyk däp-dessurlaryny şekillendirýän ajaýyp eserlerini hödürlediler. Suratlarda gök öwsüp oturan meýdanlar, gül açan baglar, şadyýan adamlar hem-de milli dabaralaryň owadan pursatlary janlandy. Her bir gatnaşýan çaga öz eserine ýürek joşgunyny siňdirip, tebigat bilen sazlaşygy açyp görkezdi. Emin agzalary işleriň özboluşlylygyny, çeper gözlegleriň baýlygyny we ýerine ýetiriş ussatlygyny bellediler. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy. Iň esasysy bolsa – olar öz zehinlerine bolan ynamyny artdyrdylar we döredijilik ylhamyny aldylar. Bu bäsleşik diňe bir çeperçilik çäresi bolman, eýsem baharyň, dostlugyň we döredijiligiň hakykatdan-da dabaralanan baýramy boldy. Çünki sungat adamlary birleşdirýär, Nowruz bolsa ebedi gymmatlyklary – gözelligi, ýagşylygy we täzeleniş şatlygyny ýada salýar.

 

 

Mart 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
24 25 26 27 28 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
17092275
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13637
14577
253859
419489
17092275

Siziň IP: 18.219.151.91
2025-03-16