Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Halkara ynsanperwer hukugynyň (HYH) Türkmenistanda ornaşdyrylmagy babatyndaky 2024-2026-njy ýyllar üçin Iş meýilnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Goranmak ministirligi bilen bilelikde “Halkara ynsanperwerlik hukugy” barada bilimleri ýaýratmak boýunça meýilnamasynyň esasynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Goranmak Ministirliginiň Raýat goranyş müdirliginiň okuw merkeziniň esgerleriniň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan Arkadagly Serdar Prezidentimiziň ýurt bähbitli maksatnamalary barada “Halkara ynsanperwerlik hukugy” ugry boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi barada, Hereketiň düzüm birlikleriniň işiniň esasy ugurlary hem-de Hereketiň Esas goýujy ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we onuň maksatnamalaýyn işi, Hereketiň düzüm birlikleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy baradaky maglumatlar barada gürrüň berdiler.