“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň” başynda şeýle ýatdan çykmajak amaly-okuw sapagy Murgap etrabynyň tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen guraldy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan guraldy. “Adatdan daşary ýagdaýlarda taýýarlyk okuwy” at bilen geçirilen amaly okuwy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi Oguljuma Saparmuhammedowa, adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we maddy enjamlaýyn üpjünçilik bölümçesiniň müdiri Muhammetgeldi Allaýarow dagynyň gatnaşmagynda, mekdebiň mugallymlarynyň ýardam bermeginde örän gyzykly geçdi. Okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen hünärmenlere ýüzlenip, özlerini kanagatlandyrýan jogaplary aldylar. Olar keselleriň ýüze çykyşy, ýaýraýşy barada öň özlerine belli bolmadyk maglumatlary oba saglyk merkezinden gelip amaly okuwa gatnaşýan myhmanlardan hem aldylar. Oba lukmanlary möwsümleýin ýaýraýan sowuklamanyň öňüni alyş çäreleri barada düşündirdiler. Adatdan daşary ýagdaýlarda berilmeli tiz kömek çäreleriň guralşyny lukmanlar okuwçylar bilen amaly okuwda gurap görkezdiler.