Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadaly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde ak saçly enelerimize, mährem zenanlara, gulam saçly gyzjagazlara çaksiz sylag sarpa goýulýar. Halkara Zenanlar güni mynasybetli baỳramçylyk çäresi Dőwletimiziń ähli künjeginde uly dabara bilen bellenilip geçirilỳar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu ady agzalan baỳramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap we Türkmenbaşy şäher şahamçalarynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenbaşy şäherindaki kömekçi mekdep internadynyň okuwçylarynyň arasynda “Hany bakaly, Gyzlar!” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şerti boýunça 3 topar bolup bäsleşdiler. Çärä gatnaşan okuwçylar oz başarnygyny görkezip mährem enelerimizi wasp edýan aýdym, goşgy aýdyp, el hünärlerini görkezdiler. Bäsleşik emin agzalarynyň beren bahalaryna göra jemlenip “Bagül” topary 1-nji orna, Çemen topary 2-nji orna, Çigildem topary 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuruldy. Çäräniň yzygyderliginde Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrap we Türkmenbaşy şäher şahamçalarynyň meýletinçileriniň billikde gurnamagynda baýramçylyk mynasybetli çagalar üçin taýýarlan şowhunly şowhunly konsertleri, dabaraly çykyşlary bilen çagalaryň ruhyny galkyndyrdylar we şatlygyna şatlyk goşdular. Çärä gatnaşan çagalaryň ahlisine meýletinçileriň taýýarlan süýjilik sowgatlary paýlanylyp berildi, her bir çaganyň şatlygy ýurdumyzyň parahatlygy.