Habarlar

Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda Lebap welaýatynyň häkimliginiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň ikitaraplaýyn ylalaşylan meýilnamasy esasynda welaýatyň Saýat etrabynyň çäginde “Amyderýanyň joşmagy bilen baglanşykly uly möçberdäki adatdan daşary ýagdaýlarda ilatyň saglygy bilen bagly çäreleri amala aşyrmak” boýunça toplumlaýyn tälim türgenleşik okuwy geçirildi. Şu ýylyň  geçirilen çärä Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň welaýat gulluklary we Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş müdirligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik, Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk hem-de Halkara ynsanperwerlik hukugy bölümçeleriniň jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar. Toplumlaýyn tälim türgenleşik okuwynyň maksady Amyderýanyň suwunyň derejesiniň göterilmegi bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlar dörände ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermek, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça jogapkär ýolbaşçylaryň sazlaşykly hereketlerini guramak, Raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň welaýat, etrap gulluklarynyň raýat goranyşynyň birikmeleriniň bilelikdäki hereketlerini dolandyrmaga taýýarlygyny kämilleşdirmek, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda çekiljek tehnikalary, serişdeleri we emläkleri taýýarlamaklyga raýat goranyşynyň birikmeleriniň şahsy düzümini türgenleşdirmek bolup durýar. Ýüze çykyp biläýjek suw joşguny adatdan daşary ýagdaýlarda halkyň saglygyny, asudalygyny üpjün etmek, olary guramaçylykly bellenilen howpsuz zolaklara göçürmek boýunça her bir gullugyň hünärmenleri hasabatlary bilen çykyş etdiler we halk köpçüligini wagtynda habarly etmek, olaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şol ýagdaýlarda özüňi alyp barmaklygy we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermeklik, adamlara meýdan ýaşaýşynda zerur bolan saglyk, tehnika, iýmit, jemgyýetçilik howpsuzlygy, nedit-gaz we suw ýaly zerurlyklary bilen nähili üpjün ediljekdigi giň-gerimli amallar boýunça ýerine ýetirildi.

 

 

 

 

16980586
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12829
18463
142170
419489
16980586

Siziň IP: 3.15.33.86
2025-03-09