Habarlar

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 25-26-syna Aşgabat şäherinde Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky topar tarapyndan guralan «Ýertitreme hadysasy bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň ýetirip biljek zyýanyny peseltmek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň bilelikdäki hereketlerini ýola goýmak»  atly uly göwrümli toplumlaýyn tälim beriş türgenleşik okuwy geçirildi. Bu çäre ministrlikleriň, ýerli häkimlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin edýän tagallalaryny jemledi. 

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýokary hünär derejesini we maddy-tehniki binýadyny görkezip, çärä esasy gatnaşyjylaryň birine öwrüldi. Ýörite enjamlaşdyrylan pawilýonyň çäginde TGÝMJ-niň hünärmenleri - ilkinji kömek boýunça tälimçiler we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hünärmenler birnäçe ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Ýürek-öýken reanimasiýa we pidalary ewakuasiýa etmek ýaly lukmandan deslapky ilkinji kömeginiň häzirki zaman usullaryny aç-açan görkezdiler. 

Adatdan daşary ýagdaý zolaklarynda çalt ýerleşdirmek üçin TGÝMJ-nyň ykjam lukmançylyk toplumlaryna aýratyn üns berildi. Döwlet edaralarynyň we ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň wekilleri jemgyýetiň çalt jogap bermäge taýýardygyna ýokary baha berdiler we pudagara hyzmatdaşlygy güýçlendirmekdäki ähmiýetini bellediler.

Tälim beriş türgenleşik okuwy wagtynda, TGÝMJ aragatnaşyk protokollarynyň işlenip düzülmegine we resurslaryň paýlanşyna goşant goşdy, ADÝ täsir etmek ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraýyny tassyklady. Esasy üns jemgyýetiň tejribesini töwekgelçiligi azaltmak boýunça milli maksatnamalara ornaşdyrmakdy.

Bu çäre, TGÝMJ-niň Türkmenistanyň tebigy betbagtçylyga garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakdaky strategiki ähmiýetini görkezdi. Jemgyýetiň hünär başarnyklaryny we tehniki mümkinçiliklerini görkezmek, ynsanperwerlik çäreleri we jemgyýeti taýýarlamak boýunça öňdebaryjy gurama hökmünde ornuny berkitdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

16980928
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13171
18463
142512
419489
16980928

Siziň IP: 52.14.145.124
2025-03-09