Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) “Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýer titremelerine we tebigy betbagtçylyklara ýokary howp abanýan ýurtlarda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlykly bolmak we olara jogap bermek üçin ýerli we milli kuwwaty güýçlendirmek” taslamany durmuşa geçirmek boýunça işleri  alyp barýar. Bu taslamanyň çäklerinde şu ýylyň başynda ilatyň tebigy betbagtçylyklara taýýarlygyny we habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çäreler geçirildi.Ýurduň alty mekdebinde ýer titremesi ýa-da beýleki adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda hereket etmegiň usullaryny öwrenmek üçin okuwçylar we mugallymlar bilen simulýasiýa okuwlary geçirildi. Şeýle türgenleşikler zerur bilimleri we başarnyklary almak bilen birlikde, şeýle ýagdaýlarda aladany azaltmaga-da kömek edýär.Adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň düzgünleri baradaky maglumatlaryň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda ýörite görkezme  esbaplary    taýýarlanyp, mekdeplere ýerleşdirildi. Olarda ýer titremesi, ýangyn ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklar döwründe nähili hereket etmelidigi barada möhüm maglumatlar ýerleşdirildi.TGÝMJ-i  adatdan daşary ýagdaýlara ilaty taýýarlamak boýunça işlere uly ähmiýet berýär. Biziň pikrimize görä, şeýle çäreler ýurdumyzdaky howpsuzlyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

           

 

 

16576826
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3273
14331
157899
292623
16576826

Siziň IP: 3.145.48.63
2025-02-11