Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda 19.02.2025 -nji ýylda TGÝMJ-niň hünärmenleriniň wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzyň baýry ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, ilaty adatdan daşary ýagdaýda özüňi alyp barmagynyň düzgünlerini öwrenmek, ýaş nesili türkmen halkynyň rehimlilik, duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriň ruhynda terbiýelemek ýaly ugurlarda, döwletimiziň kömekçisi hökmünde uly işler geçirilýär. Milli jemgyýet öz asylly ynsanperwer wezipesini ýerine ýetirmek, bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketinde biziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýär. Haýyr- sahawatyň, ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň beýik nusgasyny görkezip, il bähbitli ýurt ähmiýetli tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.