Bu gün – 27-nji ýanwar. Pederlerimiziň ar-namysy, dogum-gaýraty siňen eziz Diýarymyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda sak duran merdana ogullaryň baýramy – Watan goragçylarynyň güni! «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän bu ajaýyp baýram bilen TGÝMJ-niň ähli şahsy düzümini we Watan goragçylarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!
Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».
Merdana Watan goragçylary, size hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik watansöýüjiligini, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini şygar edinip, ata Watanymyzy gözüňiziň göreji deýin goramakda gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň, edermenligiň, güýç-gaýratyň hemra bolmagyny arzuw edýäris! «Watan» diýip urýan ýüregiňiziň watansöýüjilik duýgusy ömrüňiziň manysyna öwrülsin!
Baýramyňyz gutly bolsun, merdana Watan goragçylary!