TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni tarapyndan“ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ” ýylynda Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň Döredilmeginiň ХХХIII ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 20910 harby bölüminde harby gullukçylaryň arasynda “Watanymyzyň asudalygy- halkymyzyň asudalygydyr!“ atly çäre geçirildi.
Harby gullukçylar öz çykyşlarynda Watana guwanmak, ony söýüp gözüň göreji ýaly aýamak, ata- babalarymyzyň mukaddes topragy gorap, onuň kuwwatlanmagy, şöhratlanmagy ugrunda, beýik taryhy ýoly geçen halkymyzyň ýeňil bolmadyk synaglara döz gelip, özbaşdak ýurt, döwlet bolmagyň arzuwynda ýaşaýanlygy barada goşgular okadylar. Hormatly Prezidentimize bolan uly buýsanjyny goşalandyrýar, ertelerimiziň eşrete beslenip, geljegine bolan sarsmaz ynamyny pugtalandyrýar. Durmuşa geçirilýän döwletli işler halkymyzyň ata pendi bilen ganyna, ene hüwdüsi bilen aňyna berk ornan ene topragy, ata Watana wepalylyk, ygrarlylyk duýgusyny artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly şygarynyň dabaralanmasyna öwrülen çäre şanly ýylymyzyň şatlygyny has-da artdyrsyn.