BAŞ SAHYPA

     “Ýaşa we öwren”, örän dogry we dana aýdylan sözler, men 2012-nji okuw ýylyndan bäri mekdepde mugallym bolup işleýärin. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 2016-njy ýylda dowam edýän DIPECHO-IX taslamasy mende uly täsir galdyrdy. Taslamanyň çäginde men toparyň adatdan daşary ýagdaýlar hereket edýän toparynyň agzasy boldum we adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy hadysalarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri we ejir çeken adamlara lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek barada iki günlük okuw türgenleşik sapagyny geçdim. Okuw türgenleşik sapaklary örän gyzykly bolup, mende uly täsir galdyrdy. Men ilkinji kömek we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek barada, hem-de ol bilimleriň nädip adamlaryň janlaryny halas edip biljekligi barada täze maglumatlary öwrendim. Okatmak usullary mende has uly täsir galdyrdy, esasan hem, okatmagyň interaktiw usulyny men öz tejribämde ulanyp başladym. Men ilkinji kömek we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek barada öwrenenlerimi öz okuwçylaryma öwretdim hem-de şeýle bilimleri okuwçylaryma berenligim sebäpli uly kanagatlanma duýgularyny başdan geçiridim, sebäbi ol bilimler gönüden-göni adamlaryň janyny halas etmek bilen bagly bolup durýar. Okuwçylaryň öwrenenlerini tejribede berkitmek maksady bilen, simulýasiýa okuwlary gurnaldy. Okuwçylar altyn düzgünleri öwrendiler: adatdan daşary ýagdaýlarda hiç hili howsala düşmeli däl, mekdep binasyndan çykmak ýollary, nirede ýygnanyşmaly we biri-biriňe nähili kömek etmeli. Bu gün mekdebiň taryhynda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy.
Gulnyýazowa Arzuw – Türkmenbaşy şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

   

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15570974
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5419
13503
352357
609071
15570974

Siziň IP: 3.144.42.174
2024-11-24