BAŞ SAHYPA

     Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasada ýugrulan syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygy, onuň abadançylygy, asudalygy, ahlak taýdan arassalygy Watanymyzyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüldi.

    Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr we milletiň, aýratyn alnan her bir adamyň ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmegiň gündelik hakykatydyr. Munuň özi iň häzirkizaman lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalaryň gurulmagy hem, ekologiýa baradaky aladalarda hem, köpçülikleýin sport hereketlerini, şeýle hem biziň her birimiziň aňymyzda sagdyn-ýaşaýyş durmuş ýörelgeleriniň endiklerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny ornaşdyrmakdada hem öz beýanyny tapýar. 
     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň möhüm iş ugurlarynyň biri ilatyň saglygyny we ömrüni gorap saklamaga gönükdirilen saglygy goraýyş maksatly işleriň hilini gowulandyrmakdyr Jemgyýetiň işgärleri ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barýarlar. Bu işleriň biri hem ilatyň arasynda inçekeseliň öňüni almaga gönükdirlen çärelerdir.
     Inçekeseliň bejergisi – bu dowamly we aňsat bolmadyk bejergi. Käwagt  näsag  daş töweregindäki adamlaryň bu kesel bilen göreşmekde başdan geçirýän kynçylyklaryny bilmezligi sebäpli, ol bu kesel bilen ýüzbe-ýüz galýar. 
Inçekeselli adamyň immuniteti pes bolýar, ol dermanlary içmegiň kadasyna ünsli bolmaly, berhiz saklamaly we wagtly wagtyna lukmanyň maslahatyna barmaly. Bejergi döwri adaty 6-8 aý dowam edýär. Emma, inçekeseliň dermana durnukly görnüşi hem bolup, onuň bejergisi 2 ýyla çekýär. Bu iki ýylyň dowamynda näsag dermanlaryň kabul ediş düzgünini berk berjaý etmeli we lukmanyň gözegçiliginde bolmaly. 
    «Bütin dünýäde her ýyl 6 milliondan 10 milliona çenli adam inçekesel bilen keselleýär. Medisinanyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň netijesinde, eger näsag bejergini doly we dogry berjaý eden ýagdaýynda bu keseli gutarnykly bejerip bolýar. Bu ýerde, näsagyň ruhy durnuklylygy hem uly orny eýeleýär. 
     2013-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti dermana durnukly inçekeselli näsaglara ruhy goldawy bermek işini alyp barýar. Goldaw, inçekeselli näsagyň öýüne baryp ýa-da telefon arkaly onuň bejergisiniň talaba laýyk geçýändigini anyklamagy, bejerginiň gidişine päsgel berýän ýagdaýlary anyklap, ony aradan aýyrmagy öz içine alýar. Mundan başga-da, TGÝMJ-niň işgärleri «näsaglaryň mekdebi» atly okuw tapgyrynda näsaglara we olaryň hossarlaryna bejerginiň düzgünlerini öwredýärler. 2016-njy ýyldan bolsa, näsaglara ýörite psihologyň maslahatynyň berilmegi hem ýola goýuldy. 
    Ruhy goldaw, näsaglaryň bejergisiniň aýrylmaz bir bölegi bolýar. Köp näsaglar maşgalaly bolup, olara maşgalasynda hossarlary ýa-da dostlary -kärdeşleri goldaw berýärler. Emma bejerginiň uzaklygy näsaglary ýadawlyga getirýär, ruhdan düşürýär. Bu näsaglaryň bejergä bolan ynamyny ýokarlandyrmak üçin hünärmen psihologyň maslahaty zerurdyr.
     Ýokarda agzalan çäreleri geçirmek bilen, biziň maksadymyz Ýurdumyzyň inçekeseliň ýaýaramagynyň öňüni almakda ýurt boýunça alynyp barylýan işlere öz goşandymyzy goşmak bolup durýar.  
     TGÝMJ-niň "Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň" psihology B.Baýramowa

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15587448
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7870
14023
368831
609071
15587448

Siziň IP: 18.191.87.157
2024-11-25