Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň mejlisler zalynda maslahat geçirildi,onuň esasy mowzugy bosgunlar köpçülikleýin gelen halatynda halkara ülňülerine laýyklykda adatdan daşary ýagdaýlaryna jogap çärelerini görkezmekden ybaratdy.
Bu maslahat, Türkmenistan döwletiniň bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça agentligi 2023-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde gurnaldy, bu Adatdan daşary ýagdaýlarda bosgunlaryň köpçülikleýin akymy bilen bagly hadysalara halkara kadalaryna laýyklykda jogap çäreleri görmek boýunça okuw maslahatydyr.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň, Adalatçynyň diwany, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, “Keyik Okara” jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri, BMG-nyň rezident koordinatorynyň edarasy,BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNISEF), Birleşen Milletler Guramasyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA), IOM, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy , BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkezi, BMG BBÝKM-ty seminara gatnaşmaga çagyryldy.
Okuw maksatnamasy bosgunlar adatdan daşary ýagdaýlary netijeli dolandyrmak üçin zerur bolan köp sanly ugurlary, şol sanda halkara kadalarynyň goralmagynyň esasy ýörelgelerini, töwekgelçilikleri seljermek we gözegçilik etmek we global ynsanperwerligi utgaşdyrmak ugurlaryny öz içine alýar. Şeýle hem maslahada gatnaşyjylara adatdan daşary ýagdaýlary we gyzyklanýan taraplary utgaşdyrmak we tagallalar arkaly gazanylan pikirleri, strategiýalary we tejribeleri paýlaşmak üçin platformany üpjün etdi.