BAŞ SAHYPA

9-njy maý Yeňiş güni. Hakyky watan söýüjilige çagyrýan bu baýramçylyk Watana bolan çäksiz söýgüni, gaýduwsyzlygy we gahrymanlygy, jemgiýetimizdäki sazlaşygy we dost- doganlygy alamatlandyrýan milli baýramçylykdyr. Bu deňsiz - taýsyz  gahrymançylygy we janyny aýaman Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna  başymyzy aşak egip, ýurdumyzda galan weteranlaryna hormat goýulýan gündir.

Bu ähmiýetli wakanyň hormatyna, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň işgärleri welaýat weteranlary bilen duşuşyk geçirdiler we ýadygärlik galjak sowgatlary gowşurdylar.

Ýyldan ýyla weteranlarymyzyň sany azalsada, biziň olara bolan hormat- sylagymyz, minnetdarlygymyz azalmaýar. Olar biziň buýsanjymyz. Biz hemişe şu günki asuda asmanymyzyň bardygyna minnetderlygymyzy bildirip gezeris.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
13578872
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8998
16034
428750
581236
13578872

Siziň IP: 35.172.230.21
2024-07-23