BAŞ SAHYPA

3-nji fewralda Merkezi Aziýa sebiti boýunça Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri federasiýasynyň sebit bölüminiň başlygy Sewal Guzelkilinç Türkmenistanda bir hepdelik iş saparyny tamamlady.
Ol öz saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliklerinde, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde, şeýle-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda Sewal Guzelkilinç IFRC we NRCST-niň Türkmenistanda betbagtçylyklara taýýarlyk we saglyk boýunça täze iş meýilnamalaryna, bilelikde durmuşa geçiriljek täze iş ugurlaryna baha berdi. Şeýle hem Gyzyl Haç we Gyzyl  Ýarymaý jemgyýetleriniň işi barada täze taslama hödürledi. NRCST boýunça kärdeşleri bilen tejribe alşan Sewal hanym ýakyn wagtda ýene Türkmenistana gelip görer.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16009103
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
22404
15721
359498
430988
16009103

Siziň IP: 3.147.54.100
2024-12-23