5-nji awgustda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetinde Ženewa Konwensiýalarynyň we Goşmaça teswirnamalaryň türkmen diline çap edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Ženewa Konwensiýalary Halkara Ynsanperwerlik Hukugynyň esasy resminamasydyr. Bu hukuk pudagy ýaragly dawalarda we parahatçylyk döwründe ulanylýar. Ženewa Konwensiýalaryny ýerine ýetirmek, şol sanda milli dillere terjime etmek we ýaýratmak, bu resminamalara goşulan döwletleriň borçlary bolup durýar.
1992 –nji ýylda Ženewa Konwensiýalarynyň we Goşmaça protokollaryň Turkmenistanda ratifisirlenenden soňra TGÝMJ-ti Turkmenistanyň çäginde öz ynsanperwerlik işini Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň esas goýujy ýörelgelerine eýerip ýerine ýetirýän ýeketäk jemgyýetçilik gurama bolup durýar – diýip, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa belleýär.
Häzirki wagtda Ženewa Konwensiýalary 194 döwletde ratifisirlendi we dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. Bu resminama türkmen diline ilkinji gezek terjime edildi – diýip, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Aşgabatdaky bölüminiň başlygy Jennet Şihmuradowa belleýär.
Goşmaça maglumatlar barada Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Aşgabatdaky bölüminiň
başlygy Jennet Şihmuradowa ýüzlenip bilersiňiz.
Tel: +993 12945796
Saýt: http://www.iсrс.org/rus
Ýa-da
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň informasion-resurs merkezi Salgy:
Aşgabat şäheri, Azady köçesiniň 44/2 jaýy, tel: 94-57-97
Saýt: http://www.tgymj.gov.tm