13-nji oktýabrda, Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň halkara gününde, Türkmenistanda «Ýaşlar howpsuz geljek üçin» diýen köpçülikleýin bäsleşigiň jemleýji tapgyry üstünlikli geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti (TGÝMJ) tarapyndan ÝUNISEF bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guraldy. Bäsleşik ýaşlaryň heläkçilik töwekgelçiligini azaltmak we öňüni almak baradaky bilimlerini we habardarlygyny ýokarlandyrmaga, adatdan daşary ýagdaýlarda çözgüt kabul etmek başarnyklaryny ösdürmäge hem-de ýaş nesli adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk işlerine işjeň çekmäge gönükdirildi.
Bäsleşige 16 ýaşdan 20 ýaş aralygyndaky ýaşlar, olaryň arasynda «Ýaşyl mekdep» taslamasyna gatnaşýan 120 sany mekdebiň okuwçylary, TGYMJ-niň meýletinçileri, şeýle hem Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň «Kolýaskadaky tennis» taslamasynyň gatnaşyjylary gatnaşdylar. Guramaçylar inklyuziwlik hem-de deň mümkinçilikler ýörelgelerine aýratyn üns berdiler, maýyplygy bolan we saglygy goraýyş taýdan aýratyn zerurlyklary bolan ýaşlar üçin bäsleşigiň ähli tapgyrlaryna gatnaşmaga zerur şertleri döretdiler.
Bäsleşik iki esasy tapgyrda geçirildi. 1-nji oktýabrdan 5-nji oktýabr aralygynda onlaýn görnüşde geçirilen birinji saýlama tapgyrda gatnaşyjylar «Ýaşlar heläkçilik töwekgelçiligini azaltmaga nähili goşant goşup biler?» diýen temada awtorlyk esselerini taýýarladylar. Gelip gowşan ýüzlerçe işleriň arasyndan TGYMJ-niň we ÝUNISEF-iň hünärmenlerinden ybarat bolan merkezi eminler topary 130 sany iň gowy gatnaşyjyny — her welaýatdan 20 adamy we Aşgabat şäherinden 30 adamy saýlap aldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 13-nji oktýabrda bir wagtda alty sany meýdançada: Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirildi. Ol bir bitewi ssenariýa birleşdirilen amaly we fiziki işjeň elementleri bolan interaktiw toparlaýyn stoluň üstündäki türgenleşik görnüşinde geçdi. Ýumuşlaryň öň ýanynda saýlanan gatnaşyjy ýaşlardan tötänleýin paýlamak usuly bilen 5 adamdan ybarat toparlar düzüldi. Türgenleşigiň dowamynda gatnaşyjylar diňe bir nazary bilimlerini däl, eýsem toparda işlemegi, töwekgelçilikleri derňemegi we çylşyrymly ýagdaýlarda çalt we dogry çözgütleri kabul etmegi başarýandyklaryny görkezdiler.
Ýokary dartgynly toparlaýyn synaglaryň netijeleri boýunça eminler alty sany sebit meýdançasynyň her birinde bir sany iň güýçli ýeňiji topary kesgitlediler. Jemleýji tapgyryň ähli ýeňijileri guramaçylar tarapyndan sowgatlar we ýadygärlik baýraklar bilen sylaglandylar. Geçirilen bäsleşik Türkmenistanyň ýaşlarynyň öz mekdepleri we ýerli jemgyýetçiligi üçin howpsuz we durnukly geljegi döretmäge öz şahsy goşantlaryny goşmaga uly joşgun we taýýarlyk bilen çemeleşýändiklerini görkezdi.





