BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) wekili Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Halkara lukmançylyk işgärleriniň gününe bagyşlanyp guralan «Ilkinji APW testirleme – skriningde iň oňy hil» atly geçirilen halkara forumyna we tegelek stol maslahatyna gatnaşdy. Çäräniň dowamynda TGMJ-niň (Adam Papilloma Wirusynyň (APW) öňüni almak we keseli ir anyklamagyň ähmiýeti barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmakdaky orny barada çykyş edildi. Saglygy goraýyş boýunça bilim beriş işlerine, öňüni alyş çärelerine we her bir adamyň öz saglygyna jogapkärçilikli çemeleşmegini höweslendirmäge aýratyn üns berildi. TGÝMJ-niň hünärmenleriniň bu çärä gatnaşmagy tejribe alyşmakda, şeýle hem APW-niň öňüni almak we onuň bilen bagly keselleriň döremeginiň öňüni almak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etdi.

  

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
25201497
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6550
26052
431727
595677
25201497

Siziň IP: 216.73.216.69
2026-10-20

Связь с нами