BAŞ SAHYPA

 

 

         Lukmandan deslapky ilkinji kömek (LDIK) TGÝMJ-niň guramaçylyk gurluşynda kommersiýa iş ugry bolup, ondan gelen girdejiler Jemgyýetiň beýleki wezipeleýin işlerini ýerine ýetirmäge harç edilýär. TGÝMJ-i ilkinji nobatda LDIK ilkinji kömek boýunça endikleri öwretmekligi hödürleýär, emma köplenç okuw bilen bilelikde soralýan  ilkinji kömek gutulary hem paýlanýar.

 

Maksady:

 

TGÝMJ-niň LDIK tölegli okuwlary üçin bazar gatnaşyklaryna gönükdirilen, maksatlaýyn, netijeli we professional biznes-meýilnamasyny taýýarlamak we LDIK tölegli okuwlarynyň girdejiligini artdyrmak üçin mümkinçiliklerini kesgitlemek.

 

 

 

Meseleler:

 

  • LDIK tölegli okuwlarynyň netijeliligini anyklamak maksady bilen, daşky bazar jähtden elýeterli bolan maglumatlary ýygnamak,olary jemlemek we baha bermek, bolan ýetmezçiliklerini kesgitlemek.

  • Ileri tutmaly iş ugurlaryny, bölümleriň goşantlary, okuw kurslarynyň görnüşini we şu günki günde okuwlaryň girdejililigini kesgitlemek üçin TGÝMJ-niň mümkinçiliklerine we şu döwürde LDIK okuwlarynyň ýola goýulyşyna baha bermeli.

  • Okuwlaryň girdejililiginiň (biznesiň) netijeli bolmagy we onuň durnukly hereket etmegi üçin çäreleri teklip etmeli.

  • TGÝMJ-ne LDIK üçin biznes meýilnamany düzmäge ýardam bermeli.

     

 

Garaşylýan netijeler:

 

  • Geçirilen işler hakynda hasabat we  LDIK ösdürmek boýunça teklipler.

  • TGÝMJ-i üçin LDIK tölegli esasynda okatmak üçin biznes-meýilnamany işläp düzmeli.

     

    Geçirilmeli wagty we hasabatlara bolan talaplar

    Biznes-plan
    y taýýarlamak  boýunça işler 4-hepdäniň dowamynda geçirilmeli, analiz we hasabat -2 hepdäniň dowamynda.

    Hasabat türkmen we iňlis dillerinde tabşyrylmaly.
     

    Iş döwründe we iş üçin taýýarlanan ähli resminamalar, diagrammalar we beýlekiler TGÝMJ-niň emläginde galýar. Işiň netijelerini maslahatçy TGÝMJ-niň hat üsti bilen razyçylygynyň esasynda ulanylyp bilner.  

     

    Barlagy geçirmek boýunça maslahatça bolan talaplar  

 

  • Teklipleri şahsy maslahatçylar, maslahatçy toparlar we edaralar berip bilerler, 
  • Barlag gecirmek, şöl sanda maliye derňewini, marketing we biznes-meýilnamasyny düzmekde ussat bolmaly, 
  • Beýleki taslamalarda maslahatçy hökmünde iş tejribesi bolmaly;
  • Türkmen we iňlis dillerinde hasabat ýazmakda ýeterlik tejribesi bolmaly.

 


Teklipleriň berlişine bolan talaplar

Barlagy geçirmäge isleg bildirenler indiki resminamalary tabşyrmaly
.

 

1.     Dalaşgärler degişli barlagy geçirmekde tejribesi hakynda takyk maglumatly rezýume tabşyrmaly,

 

2.     Hasabatyň düzümi we her bendiniň düşündirişi,

 

3.     Geçiriljek barlagyň meýilnamasy (mümkin boldugyndan möhleti we ulanyljak usullary görkezilen iş meýilnamasy görnüşinde),

 

4.     Her bent boýunça býujet we çykdajylaryň smetasy. 

 

 

 

Resminamalar indiki salgylar boýunça tabşyrylyp bilner:

 

Adres: 744000,  Тürkmenistan, Aşgabat ş., 2022-nji köç., 116/1 jaý. Tel.: + 993 12 93 18 06, Faks:+ 993 12 93 03 49.

 

Elektron adres: Bu e-mail adresi istenmeyen posta engelleyicileri tarafından korunuyor. Görüntülemek için JavaScript etkinleştirilmelidir.

 

 

 

Barlagy geçirmäge isleg bildirenler  resminamalaryny 2015-nji ýylyň iýul aýynyň   10-njy awgusta çenli tabşyrmaly

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15603677
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9470
14629
385060
609071
15603677

Siziň IP: 3.128.226.128
2024-11-26