BAŞ SAHYPA

 

“TGÝMJ-iň guramaçylykly ösüşi” atly maksatnamasy tarapyndan gurnalan  ýatdan çykmajak on güni tomusky okuw meýdançasynyň terbiýelenijileri Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri bilen bilelikde geçirdiler. 2015-nji ýylyň 13-nji iýulyndan 24-nji iýulyna çenli bu ähli wagtda alada edilmäge we üns berilmäge aýratyn mätäçlik çekýän Aşgabat şäheriniň kiçi we orta mekdep ýaşly ýigrimi sany çagalary olar üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýtletinçileri tarapyndan ýörite taýýarlanylan gyzykly çärelere gatnaşdylar. Irki maşkdan soňra, Aşgabat şäheriniň meýletinçileri köçelerde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, arassaçylyk, dogry iýmitlenmek, dünýäniň ýurtlary, keselleriň öňüni almak we beýlekiler ýaly dürli mowzuklar boýunça söhbetdeşlikleri geçirdiler. Her seminara meýletinçiler döredijilikli çemeleşdiler, täsirli plakatlary, oýunlary, tapmaçalary taýýarladylar. “Jeňňel atlandyrylýar” ady bilen sport çäresi guralyp, onda iň çalt we çalasyn oýunça adyna eýe bolan ýeňijiler kesgitlenildi. Çagalar üçin sowgatlary biziň hyzmatdaşlyrymyz USAID “Saglygyň hatyrasy üçin bilelikde” atly taslama taýýarlady.   

       

Meýdançada her günde “art-terapiýa” kružogy işläp, onda biziň hossarlygymyzyň astyndaky çagalar plastilinden we reňkli kagyzdan daşymyzy gurşap alýan dünýäni nähili göz öňüne getirýändiklerini, fantaziýalaryny we kreatiw dizaýnerçilik pikirlerini beýän edýän şekilleri taýýarladylar. Ondan           başga-da, meýdança maksatnamasyna paýtagtymyzda ýerleşýän “Bagtyýarlyk” sport toplumynda guralan sport ýaryşlary, şol sanda suw sport ýaryşlary, toparlaýyn oýunlar boýunça ýaryşlar girdi, “Älem” medeni-dynç alyş merkezine, “Aşgabat” kinoteatryna we “Gökdere” jülgesine tebigata gidildi.       

                                                       

Tomusky lager bilen hoşlaşmak bilen, çagalar şu ýakymly, şadyýan günleri hiç wagt ýatdan çykarmajakdyklaryny hem-de olary Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti tarapyndan guralýan çärelere gaýtadan çagyrylmagyny meýletinçilerden haýyş etdiler.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15610423
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
16216
14629
391806
609071
15610423

Siziň IP: 18.226.104.30
2024-11-26